SIZDEN GELENLER

Ýylyň şygaryna bagyşlanan gymmatly kitap

Döwür-döwran aýlanyp, asyrlar geçse-de, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary öz gymmatyny ýitirmeýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň dowamatlylygy, onuň döredijiliginiň ýaşlary terbiýelemekde, özygtyýarly Watanymyzyň geljekki ykbaly babatda ägirt uly jogapkärçiligini duýmaklaryny gazanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy barada hem bellenilýär.

Akyldar şahyryň geljek nesillere goýup giden baý medeni mirasy häzirki wagtda umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilendir. Şahyryň eserleri dünýäniň onlarça diline terjime edildi we aýry neşirler görnüşinde çap boldy. Ýakynda şahyryň şanly senesi mynasybetli «Magtymguly» atly kitaby — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy çapdan çykdy. Ýygyndy türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi.

Şirin dilli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserlerini özünde jemleýän «Magtymguly» atly kitabyň neşir edilmegi şanly ýylymyza şan goşan waka öwrüldi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan bu eser halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr.

Bu kitabyň neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine berýän ünsüniň nobatdaky subutnamasydyr. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenip kitap şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyny, aýratyn-da, edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik-namartlyk, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny beýan edýän şygyrlaryny özünde jemleýär. Bu ajaýyp eserler ynsan kalbynda baky orun alýar.

Öz döredijiliginde Watana söýgini, ynsanperwerligi, parahatçylyk söýüjiligi wagyz eden Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup nesilleriň kalbynda mynasyp orun aldy. Magtymguly Pyragynyň täze çap edilen goşgular ýygyndysy, täze açylan beýik ýadygärligi, adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy halkymyzyň öz beýik ogluna buýsanjynyň çäksizdigini ýene bir ýola görkezýän medeni gymmatlyklar bolup, nesillerden nesillere geçer.

Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden akyldar şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrdy. Dana Pyragynyň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy islegine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, akyldaryň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäkden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we asudalygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri eziz Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi agzybirligiň, jebisligiň beýik keramatydyr.

Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyraga bu gün uly sarpa goýulýar. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede toý-dabaralara beslenýän günlerinde her birimiz üçin ajaýyp sowgat bolup, göwünlerimizi galkyndyrdy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen täze kitabyň ilkinji sanynyň Gahryman Arkadagymyza iberilmegi bolsa örän buýsandyryjydyr.

Ogulbagt Baýramowa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr