«Ýylyň mugallymy — 2021» we «Ýylyň terbiýeçisi ― 2021» bäsleşikleriniň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanda «Ýylyň mugalymy ― 2021» we «Ýylyň terbiýeçisi ― 2021» bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Ýylyň mugallymy ― 2021» bäsleşigi Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde geçirildi.

Iki gün dowam eden bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan mugallymlar özlerine nätanyş synpda hünär ugurlary boýunça görelde sapagyny, şeýle-de synp sagadyny geçdiler. Tejribeli mugallymlar tarapyndan dürli temalar boýunça guralan sapaklar biri-birinden täsirli bolup, olaryň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Okuwçylar synp sagatlarynda tema degişli goşgulardyr aýdymlardan bölekleri, nakyllary aýdyp berdiler. Bu bolsa synp sagadynyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Bäsleşige gatnaşan mugallymlaryň hünär ussatlyklary seljerilip, ýeňiji yglan edildi. Netijede, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Gurbannazar Ezizow adyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Natalýa Saparowa «Ýylyň mugallymy — 2021» bäsleşiginiň baş baýragyna — Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatyna we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldy.

«Ýylyň terbiýeçisi ― 2021» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolsa paýtagtymyzdaky 99-njy çagalar bagynda geçirildi.

Düzgünnama laýyklykda, bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler eminleri guran görelde sapaklarynyň ikisiniň ýazgysy, sapakda ulanýan okuw-görkezme esbaplarynyň görnüşleri, geçiren terbiýeçilik çäresiniň elektron ýazgysy bilen tanyşdyrdylar. Olar öz ugurlary boýunça okuw kitaplaryna, gollanmalara, iş depderlerine, okuw maksatnamasyna ýazan synlaryny, tekliplerini, usuly gollanmalaryny, metbugatda, teleýaýlymlarda, usuly-amaly, ylmy maslahatlarda eden çykyşlarynyň nusgalaryny, körpelere berýän bilim-terbiýesiniň, endikleriniň netijeliligini subut edýän ýazgylary, tassyknamalary eminler toparynyň garamagyna hödürlediler.

Bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler öz iş usullary, dürli temalarda geçiren terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri, işjeň, öwreniş usulynda taýýarlan okuw-görkezme esbaplary barada çykyş etdiler, eminleriň sowallaryna jogap berdiler.

Eminler sapak guraýyşlaryna, çagalar bilen mylaýym aragatnaşyk saklaýyşlaryna, olaryň syýasy we usuly taýýarlyklaryna, bäsleşigi geçirmegiň Düzgünnamasynyň talaplaryna laýyklykda, terbiýeçilere baha berdiler. Şeýlelikde, bäsleşigiň baş baýragyna — «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» adyna Aşgabat şäherindäki 163-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gunça Bäşimowa mynasyp boldy. Oňa bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatydyr gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Bäsleşikleri  Türkmenistanyň Bilim ministrligi Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde gurady.

 

Sürüjilik şahadatnamasy barada maglumat