TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Ýylyň iň oňat nyşany” taýýarlamak boýunça bäsleşik

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ­ ME­DE­NI­ÝET­ MI­NISTR­LI­GI

Türk­me­nis­ta­nyň­ baş­lan­gy­jy esa­syn­da­ Bir­le­şen­ Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň­ Baş­ As­samb­le­ýa­sy ­ta­ra­pyn­dan­­ «Hal­ka­ra ­pa­ra­hat­çy­lyk ­we­ yna­nyş­mak ­ýy­ly»­ diý­lip ­yg­lan­ edi­len­ 2021-nji ­ýy­lyň­ iň ­oňat ­ny­şa­ny­ny ­taý­ýarla­mak­ bo­ýun­ça

BÄS­LE­ŞIK

yg­lan ­ed­ýär

Bäsleşigiň maksady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» iň oňat nyşanyny taýýarlamakdan, ýurdumyzda dürli baýramçylyk we medeni köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan, ýaşlaryň kalbynda ata Watanymyza bolan söýgini ösdürmekden ybaratdyr.

 

Bäsleşige ýurdumyzyň suratkeşleri, dizaýnerleri, suratkeş mugallymlary we talyplary, okuwçy ýaşlary, şeýle hem höwesjeň adamlar gatnaşyp bilerler. Hödürlenilýän işler çeperçilik sungatynyň şu ugurlary boýunça ýerine ýetirilmelidir:

— grafeka-plakat işleri görnüşinde;

— kompýuter grafikasy usulynda.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz döreden işlerini «PSD» we «JPEG» görnüşde CD, DVD disklerde we beýleki elektron göterijilerde hödürläp bilerler. Olar bäsleşige hödürleýän işleriniň ýanyna özleri hakynda maglumatlary goşmalydyrlar (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi).

Bäsleşege gatnaşyjylar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar 2020-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hasaba alynýar.

Bäsleşikde tapawutlanan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlener.

 

Sal­gy­sy:­Aş­ga­bat ­şä­he­ri, ­Aly­şir ­No­wa­ýy­­ kö­çe­si­niň­ 90-njy­ ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak ­üçin­ te­le­fon ­begileri:­­ 92-25-08, ­92-31-19.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle