TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýylyň iň gowy oýunçysy kim bolar?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy adyna üç sany dalaşgär futbolçynyň atlary belli boldy. Bu barada FIFA guramasynyň resmi metbugat gullugy habar berýär. Ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna portugaliýaly Kristiano Ronaldo (“Ýuwentus”), polşaly Robert Lewandowski (“Bawariýa”), argentinaly Lionel Messi (“Barselona”) dalaşgärlik edýärler.

“Iň gowy derwezeban” adyna braziliýaly Alisson Bekker (“Liwerpul”), germaniýaly Manuel Noýer (“Bawariýa”) we  sloweniýaly Ýan Oblak (“Atletiko Madrid”) dalaşgärlik ederler.

“Iň gowy tälimçi” adyna argentinaly Marselo Býelsa (“Lids”), germaniýaly Hans-Diter Flik (“Bawariýa”) we ýene bir nemes tälimçi Ýurgen Klopp (“Liwerpul”) dalaşgär görkezildi.

“Puşkaş” baýragyna, ýagny iň owadan gol adyna urugwaýly Jorjian De Arraskaeta (“Flamengo”), Luis Suarez (“Atletiko Madrid”) we koreýaly Son Hyn Min (“Tottenhem”) dalaşgärlik ederler.

Baýraklaryň ýeňijilerini 17-nji dekabrda yglan ederler. Geçen ýyl FIFA guramasy we “France Football” tarapyndan Lionel Messi ýylyň iň gowy oýunçysy diýip saýlandy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle