SPORT

Ýylyň boks tutluşygy: ukrainaly boksçy dünýäniň çempiony boldy

Beýik Britaniýanyň London şäherindäki “Tottenham Hotspur Stadium” sport toplumynda ýylyň garaşylýan boks duşuşygy geçirildi. Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik bilen agyr agramda dünýäniň çempiony, şeýle hem WBA, WBO, IBF we IBO guşaklarynyň eýesi Entoni Joşua duşuşdy.

Duşuşykda ukrainaly boksçy Aleksandr Usik eminleriň biragyzdan beren kararyna laýylykda, dünýäniň agyr agramdaky täze çempiony boldy. Ukrainaly boksçy garşydaşyny  117-112, 116-112, 115-113 hasaplar bilen ýeňdi.

12 döwden ybarat bolan duşuşugyň ahyrynda ukrainaly boksçy ýeňiş gazanyp, WBA, WBO, IBF hem-de IBO guşaklarynyň eýesi boldy.

WBA, WBO, IBF hem-de IBO guşaklarynyň eýesi bolan Aleksandr Usik ozalky dünýä çempiony Ewander Holifildiň üstünligini gaýtalady.

Ukrainaly boksçy professional ringde 19 duşuşykdan soňra nobatdaky uly üstünlige eýe boldy.

Aleksandr Usik ukrainaly boksçylar Witaliý we Wladimir Kliçkolardan soňra dünýä boks arenasynda üstünlik gazanan türgenleriň biri boldy.

 

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Ýene-de okaň

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Türkmen türgenleri 6 aýda 361 medal gazandy

“Ýüpek ýoly” rallisi: 8-nji tapgyrda Maksatmyrat Daňatarow ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Ata Watan Eserleri

Basketbol duşuşyklary üçin 76 milliardlyk şertnama