TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar

Asly nurdan dörän türkmen halkymyzyň her biriniň kalby hormatly Prezidentimize, Gahryman hem Mähriban Arkadagymyza bolan çäksiz alkyş sözlerine ýugrulandyr. Arkadag Prezidentimiz “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgäniň esasynda her bir türkmen raýatynyň arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar, beýik işler durmuşa geçirilýär. Agzybirligiň, asudalygyň we abadançylygyň hözirini görüp, sahawatly gelýän ýyllary ýokary zähmet joşgunyna besleýän ulus-ilimiziň maksatlary myrat tapýar.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagyny ösdürmeklik şol sanda ýerleriň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak, onuň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş ulgamynda suwy aýawly peýdalanylmak, ekinleriň görnüşleri boýunça suwuň her gektara berilýän mukdaryny dogry kesgitlemek, ýerlerde agrotehniki çäreleri wagtynda geçirmek ykdysady netijelilikleriniň ýokary bolmagyna uly ýardam berer. Bu çäreler bilen birlikde ekerançylyk pudagyna ýokary derejede maýa goýumlaryň çekilmegi hem alnyp barylýan önümçilikleri ýokary derejede guramaklyga giň mümkinçilikleri döreder. Maýa goýumlarynyň hasabyna bolsa ýyladyşhanalary gurmaklyk önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokary bolmagyna getirer.

Oba hojalygynda öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy, ilatyň ter, azyk önümlerine bolan islegleriniň ýokary derejede kanagatlandyrylmagy, gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň doly derejede çig mal bilen üpjün edilmegi ykdysady ösüşleriň has ýokary depginler bilen ilerlemegine getirýär. Munuň üçin bolsa oba hojalygynda önümçiligi has ýokary derejede ösdürmeklik hem-de ýyladyşhanalary häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede gurmaklyga uly üns berilýär. Bu ugurda işleriň kämil derejede alnyp barylmagy bolsa ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürmeklikde ýardam berer.

Ilatyň bereketli saçaklaryny ýokumly, witaminlere baý, ter önümler bilen üpjün etmek ýyladyşhana hojalyklarynyň öňünde wezipe bolup durýar. Bu hojalyklaryň ösdürilmegi hat-da gyş paslynda hem ýokary hilli önümler bilen ilaty doly derejede üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatyny tutuş ýylyň dowamynda gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Esasy bellemeli zatlaryň biri bolsa, olaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda 190-a golaý ýyladyşhana toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurulýan ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 1 müň 792 gektara barabardyr.

Ýyladyşhanalaryň ykdysady taýdan bähbitli tarapy bolsa ýokary girdejili, özüni ödeýiş möhletiniň çalt depginde we düşewintlilik derejesiniň ýokary bolmagydyr. Bu ýagdaýlar bolsa telekeçilik işi bilen meşgul bolýanlaryň esasy gyzyklanmasydyr.

Ýurdumyzy, ata Watanymyzy, eziz Türkmenistan diýarymyzy bedew bady bilen aýdyň geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Nurnabat Berdiliýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

talyby.

 

“Dokmaçylar” medeni merkeziniň binasy gurlar

 

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle