Ýygrylmaýan köýnek

Erkek kişilere, hatda öý bikelerine-de hoş habar: Italiýanyň «Boggi Milano» kompaniýasy erkek kişiler üçin ýygyrt atmaýan, ütüklemek gerek bolmaýan köýnegi işläp taýýarlady.

Täze köýnek «Ultimate Non Iron» tehnologiýasynyň önümidir. Has takygy, onuň matasy ýuwulanda ýüze çykyp biläýjek ýygyrtlaryň öňüni alýan ultra tekiz güýçlendiriji ulgam bilen üpjün edildi.

Häzirlikçe, şeýle köýnekler diňe «Boggi Milanoda» öndürilýär. Şonuň üçin hem heniz ýygrylmaýan matalar satlykda däl. Täze işlenip taýýarlanan matalaryň ählisinden köýnek tikilýär. Köýnegiň göze gelüwli görünmegi üçin hem pagtanyň iň ýokary hilli görnüşleri saýlanyp alnypdyr.

Häzir bu ýygrylmaýan köýnegiň diňe ak we gök görnüşleri bar.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!