TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Ýuwentus” Messi bilen gyzyklanýar

“Barselonadan” gitmek kararyna gelen Lionel Messiniň haýsy toparda karýerasyny dowam etdirjekdigi hemmeleri gyzyklandyrýar. Bu barada jemgyýetçilik torlarda we habar gulluklarynyň resmi web saýtlarynda dürli habarlar ýerleşdirilýär.

Italiýanyň futbol topary “Ýuwentus” “Barselona” toparyndan gitmek kararyna gelen Lionel Messini öz hataryna goşmagy isleýär. Şeýle-de, “Ýuwentus” topary Messiniň menejerlerinden toparyna goşmak isleýändigi barada gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi. Ronaldo bilen birlikde Messini bir toparda jemlemegi arzuw edýän “Ýuwentus” topary 33 ýaşly futbolçynyň şertlerini sorandygy öwrenildi.

Öňümizdäki günlerde bu transfer bilen baglanyşykly möhüm ösüşleriň boljakdygyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň ilkinji zenan emini

Saud Arabystany dünýä çempionatyny gurnamakçy

Teswirle