TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

  Ýürekdäki perişdäm sen – Ejemjan

                          (Ýakyn joramyň durmuşy esasynda ýazylan)
Özüňize sorag berip gördüňizmi, “Maňa iň ýakyn adam kimkä ?” diýip. Men bu soragyň jogabynyň hakykatda kimdigine ýaňy bir 17 ýaşymda düşündim.  Çagakam daşarda bile oýnaýan goňşy oglan gyzlary öz iň ýakyn adamym hasaplaýadym. Biraz ulalyp okuwçy bolanymda men iň ýakyn adamym diýip bile wagtymyzy geçirýän joram Maral bilen Narjemaly hasaplaýardym. Ýöne dogulan günümden başlap, ilkinji gezek gürläp başlanymda, ilkinji ädimleri ädenimde, ilkinji gezek aglanymda,  ilkinji mekdebe giden günümde, ilkinji çykyş eden günümde, kesellänimde, hemişe ýanymda bolan, aladamy eden, men näçe ýalňyşanymda meni goldap, kuwwatlan adamyň ejemdigine gaty giç düşündim. Men hakyky perişdämi daşardan gözleýärkäm, ol öýde işden ýadap geleninden soň hem meniň aladamy edip eşiklerimi ýuwýardy, meniň bar aladam daşarda oýnamak bolanynda , ejemjanyň bar aladasy meniň garnymy doýurmakdy, illerden birkemsiz edip ýetişdirmekdi. Ejemjan diňe bir meniň däl, eýsem kakam bilen dört sany oglan jigilerimiň hem aladasyny edýärdi.
Dogry, käwagt ejem meniň edýän garagollyklarym üçin meni jezalandyrýardy, şonuň üçin hem men oňa öz içki syrlarymy aýdamokdym. Özümiň wagtlaýyn dostlarymy, ejemden ýakyn görýärdim. Men ejemi gaty küýseýärin…
Meniň çagalykdan edýän arzuwym ýokary okuw jaýynda okamak mugallym käriniň eýesi bolmakdy. Mekdebi üstünlikli, abraý bilen tamamlap ýokary okuw jaýyna taýynlanyp başladym. Kabul ediş synaglary Aşgabat şäherinde bolanlygy sebäpli, ejem bilen gözel paýtagtymyz bolan Aşgabat şäherine gaýtdyk. Ejem meni her günki boljak synaga taýynlap, goldap kuwwatlaýardy. Ir säherden turup, meniň üçin dileg edýärdi.  Synag güni gelende bolsa, menden köp alada edip, synaga girip çykýançam dik aýak üstünde maňa garaşýardy. Mümkin, meniň synaglardan geçjekdigime ynanan ýeke-täk adam ejemdi. Hawa, men ýokary okuw jaýyna okuwa girdim. Soňra, ejem ikimiz öz öýümize Lebaba gaýtdyk. Öýe gelenimizde bizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Indi biziň bar aladamyz awgust aýynyň  26-syna Aşgabat şäherine baryp,  sag-aman okuwa başlamakdy. Aradan günler geçdi, ähli goşlar ýygnandy. Meniň ýanym bilen ýene-de ejem gaýtdy. Kakam hem gaýtmak isledi, ýöne onuň işi gaty jogapkärçilikli bolany sebäpli oňa işinden rugsat bermediler. Ine şeýdip biz Aşgabat şäherine geldik. Ejem meni okuwa giren uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşýänçäm ýanymdan gitmedi. Hemme zat şeýle bir gowydy. Täze ýaşaýyş, täze tanyşlyklar, bularyň ählisi bilen başagaý bolan men, ejemiň öýe gaýtmaly güni ony diňe wokzala gitmek üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň ýakynynda bolan duralga çenli ugratdym. Şol minutlar meniň ejemi soňky gören minutlarym bolar diýip hiç pikir edemokdym. Ejem bolsa şol taksä oturan minudyndan başlap meni ýeke goýýanyna, bärde başymy çarap ýa-da çaramajagym barada oýlanypdyr, hat-da aglapdyr hem. Ejem biziň ýaşaýan welaýatymyza barypdyr, öýe çenli taksi tutmak üçin ýoluň aňyry tarapyna geçjek bolanda elindäki bir torbanyň tutgujy üzülipdir. Ejem ony ýerden galdyryp geçjek bolanda, ýoldan gelýän maşyn bizden ejemizi mahrum etdi. Tiz kömegi wokzalyň töweregindäki adamlar çagyran bolmaly. Bu aýylganç habar ilki kakama ýetipdir. Ejemi ýitirenimize ählimizem gynandyk,  ýöne has agyr degeni kakamdy. Kakam bu ýagdaýy ilki menden gizlejek boldy. Ýöne ony iki-üç günden kän gizläp bilmejekdigine gözi ýetenden soň bu habary maňa aýtdy. Men başda kakam oýun etýändir öýtdüm, sebäbi muňa ynanmak men üçin gaty kyndy. Ejemjanyň, bizden gitmegi biziň hemmämiziň durmuşymyza agyr täsir etdi, durmuşymyzda köp zatlaryň üýtgemegine getirdi. Kakam gülmegini goýdy, ejem barka kakamyň ýüzünden gülki düşenokdy, häzir bolsa kakamyň ýüzi gam-gussadan, aladadan we ýygyrtdan doly.
Eje bu her bir çaganyň ýerdäki perişdesi. Eje bu maşgalanyň daýanjy. Eje bu mähirden, söýgiden doly ynsan. Ejeňiz barka, ol entägem siziň ýanyňyzdaka, onuň mährini hiç zada çalyşmaň. Çünki bizi öz ejemiz ýaly söýýän adam ýokdur. Ejemiz hemme zadyň ýerini tutup biler, iňne hiç zat ejäniň ýerini tutmaz. Soňky gezek haçan öz ejeňize ony söýýändigiňizi aýdypdyňyz ?

                                            Mukaddes Almazowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle