TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýürek joşguny

Diýarymyzyň ähli goýnunda şu günler Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem- de şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen ösdürilýär

Biziň ýurdumyzyň halkara derejesini almagy, şeýle- de Bitaraplyk derejesi bilen dünýä tanalmagy bolsa, halk bähbitli işlerde hormatly Prezidentimiziň badalgalary bilen amala aşyrylmagy esasynda ýüze çykýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilen Rezolýusiýany makullamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiz üçin edýän aladalarynyň mysaly boldy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada Rezolýusiýa kabul etmegi Garaşsyz ýurdumyzyň bitarap bolmagynda dabaraly ädim boldy.

Bu günki günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi bolsa, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetlidir. Türkmen halkynyň bagtyýar geljegi üçin halkara giňişlikde abraý alýan Watanymyzyň toý- baýramlary täze öwüşginde şatlyk- dabara beslenýär.

Täzegül Derýaýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle