TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

Ýürek Gözleginde

Ýürek adamyň iň esasy organy. Oňa hemişe seresaply çemeleşmeli. Bolmasa, “soňky tüýkülik sakal ezmez” diýenleri bolaýmagy gaty ahmal?! Ýürek gözleg işleriniň netijesiniň oňyn bolmaýandygyny ýatlatmak maksady bilen şu aşakdakylary aýdaýmasam…

 

Ýüregim agyrýar kömek et, Hudaý!

“Gözleýäris ýürek, azajyk çydaý!”

Gidenler geldiler, jogap köne heň,

“Hiç ýerde ýok, her kes ýürege gedaý!”

 

Ýene gözläň, altyn beriň, hem serpaý,

Wah aldy-la, gidip ýatyryn, Hudaý!

Ýediden ýetmişe her kimi soraň,

Obany-da gözläň, şäherem bir laý!

 

Ýetişewer, ýetişewer, jan Hudaý!

Zapas edinmänmi, jalaý Musataý!

Til kakyň, ýollaň siz nama baryny,

Belki tapar, gazak dostum Isataý!

 

Pariže gitsinler, ýollaň Londona,

Bir-de faks çekiň, derrew OON-a,

Tizleşiň gowşatmaň depginiňizi,

Sala salyň koreýlere, ýapona!

 

Medinä gitsinler, iberiň Mekgä,

Habar ýollaň Ispaniýa, Marokka!

Boş gezmesin, oglanlaryň biri-de,

Sen näme som-aýak, dursuň, eý pekge?!

 

Aşyk magşugyna edýärmiş serpaý,

“Derrew alyp geliň!” buýurdy Hudaý,

“Wah biziňki kagyz, surat ýürek-le,

Çyn ýürege walla özümiz gedaý!”

 

Soraldy gedaýam, täjirdir baýam,

Galmady şäheri, obadyr öýem.

Indi bir ymykly maslahat zerur,

Halys etdik dileg diläp Hudaýam.

 

Ahyry bolmady dillendi ýürek,

“Eziz eýäm, başdan oýlanmak gerek!

Şu gün duýduň barlygymy özüňde,

Kyrk ýyllap bilmediň, bary biderek!”

 

“Her kime berilýär ýekeje ýürek,

Seňkä-de ýazylan kyrk sene sürek,

Wagt doldy, hoşlaş ezizleň bilen”

“Hoş gal, çilim, sag bol, kofe, ak arak!”

 

Şeýleräk togtady kyrk ýaşly ýürek!

Hökman, şundan sapak çykarmak gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle