TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň Awazadaky welosipedli ýörişi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda saparda bolýar. Bu toý sapary döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişenden soňra ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir. Şu gün — 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň Awazanyň esasy ýollary boýunça welosipedli ýörişi guraldy.

Şypaly howasy bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarýaka zolagynda welosipedli gezelenç etmek saglygyňy berkitmegiň baş şerti bolup durýar. Çünki welosiped sporty adamyň saglygyny berkidip, ony täze üstünliklere ruhlandyrýar, işe ukyplylygyny artdyrýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, adam welosiped sürende, bedeniniň ähli agzalary işjeň ýagdaýa geçýär. Bu bolsa onuň gujur-gaýratyny artdyrýar, güýçlenmegini şertlendirip, ruhy ýagdaýyny gowulandyrýar, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiligini peseldip, gan basyşynyň durnuklylaşmagyna hem-de dartgynlylygyň gowşamagyna ýardam edýär. Welosipediň çarhlarynyň sazlaşykly aýlanmagy beýniniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Bu bolsa, pikirleniş ukybyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda 7-nji aprelde bellenilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli hem ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralyp, oňa hormatly Prezidentimiziň gatnaşandygyny nygtamak gerek.

Ýeri gelende bellesek, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň 62-siniň awtordaşlyk etmeginde kabul edilen täze Kararnama ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasy boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna goşant goşmak babatda alyp barýan netijeli işleriniň logiki dowamy bolup durýar.

Welosipedli ýöriş «Awaza» sport toplumynda tamamlanyp, soňra bu ýerde ýörişe gatnaşyjylar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandylar.

 

Awazada dynç alyş möwsümine taýýarlyk görler

Ýene-de okaň

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle