TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Ýurdumyzyň uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasyny» dörediler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu bilim ojagynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda, şeýle hem bu korporasiýanyň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklarynda iş maslahaty geçirildi.

Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasyny» açmagyň anyk wezipeleri, ussahananyň häzirki zaman tejribehana enjamlary üçin talabalaýyk okuw binasy, geçiriljek okuw-tejribe sapaklarynyň hünär ugurlary, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary, okuw-tejribe enjamlary bilen üpjünçiligi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijede, uniwersitetimizde «Lu Ban ussahanasyny» döretmek boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek, bu taslamany amala aşyrmak babatda degişli Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak, ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin özara saparlary guramak babatda birnäçe çözgütler kabul edildi.

Uniwersitetde «Lu Ban ussahanasynyň» döredilmegi ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýokary derejeli hünärmenler, bakalawrlar, ýokary hünär derejeli inžener-tehnologlar bilen üpjün edilmegine uly ýardam berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminama gol çekildi

“Soňky jaň” dabaralary geçirildi

Ata Watan Eserleri

«VILIPO-2023»: türkmen okuwçylary medally dolandylar

Teswirle