TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleri ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna giriziler

Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda el-Hurini bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça möhüm ugurlara garaldy.
ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň döredilmegi gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Duşuşykda ýurdumyzyň birnäçe umumy bilim berýän orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde bolsa,  ÝUNESKO-nyň gurnaklarynyň açylýandygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaralar

«Ýylyň talyby-2023» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Teswirle