TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýurdumyzyň teatrlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna degişli edaralarda, hususan-da teatrlara täze ýolbaşçylar bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýine täze ýolbaşçy bellendi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Sylapberdiýewiç Eýeberdiýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ismail Jumamyradowiç Orazow Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurberdi Altyýewiç Hojaýew Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenip, ol Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Söhbet Orazgeldiýewiç Serbazow A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmeňli Hojadurdyýewiç Igdirow Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Dädebaýewiç Şallyýew Daşogzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Şadurdyýew pensiýa gitmegi sebäpli, TürkmenistanyňTelewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň PrezidentiniňKarary bilen, Saparmämmet Meredow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kakajan Aşyrow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşyrmuhammet Rahmanow pensiýa gitmegi sebäpli, A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Öwezmyrat Ýegendurdyýewiç Türşekow Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy.

 

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle