JEMGYÝET

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna pul baýragy gowşuryldy

“Bagtyýar zaman” obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Türkmenistany 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär.

Watanymyzyň ähli künjeklerine täze durmuş ymykly aralaşýar. Olar gün-günden gözel keşbe eýe bolýar. S.A.Nyýazow adyndaky etrap hem munuň aýdyň subutnamasydyr, ol demirgazyk welaýatyň iri obasenagat merkezleriniň biridir. Geçen ýyl bu ýerde pagtanyň 41,5 müň tonnadan gowragy, bugdaýyň 32 müň tonna golaýy öndürilip, ýeralmasynyň we beýleki ekinleriň bereketli hasyllary ýygnaldy.

Şu ýyl gowaça ekmek üçin 21 müň gektar ýer, güýzlük bugdaý üçin 16 müň gektar ýer bölünip berildi.

Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, etrapda döwrebap umumybilim berýän mekdepler hem-de çagalar baglary, stadionlar we sport mekdepleri, medeniýet öýleri, saglygy goraýyş edaralary açylyp, awtomobil ýollarynyň, elektrik hem-de suw geçiriji ulgamlaryň ençeme kilometri çekildi we durky täzelenildi. Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäginde ösen düzümli, durmuş amatlylyk derejesi boýunça şäheriň şertlerine ýakyn bolan “Bagtyýar zaman” atly täze oba guruldy.

Etrabyň ykdysadyýetinde hususy düzümleri uly orun eýeleýär. Onuň çäginde telekeçiler tarapyndan ýyladyşhana hojalyklary gurlup, olaryň bir bölegi öz önümlerini daşary ýurtlara ugradýarlar. Bu ýerde tohum mallarynyň 500 baş sanyny saklamak hem-de et-süýt önümlerini öndürmek üçin niýetlenen iri maldarçylyk toplumy hereket edýär. Telekeçileriň tagallalary bilen, guşçulyk toplumlary gurulýar, balyk ösdürilip ýetişdirilýär, oba hojalyk önümlerini saklamak üçin sebitde ilkinji hususy ammar bina edilýär.

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Magtymguly» atly kitap çapdan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara