TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösýär. Türkmenistanyň senagat syýasaty innowasion ösüşe, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilýär. Dünýä bazarlarynda milli önümçiligiň senagat harytlarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa ýokary hilli, eksporta niýetlenen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan üçin iňňän möhüm wezipe Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramakdan we artdyrmakdan ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da, soňky ýyllarda gazanylan ösüşler häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Durmuş durnuklylygy, halkyň agzybirligi we jebisligi biziň esasy gazananlarymyz bolup durýar. Munuň özi Türkmenistana abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe gitmäge badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli we maksada okgunly alyp barýan bu ösüş ýolunyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesi dur.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen Döwlet Maslahaty, hormatly Prezidentimiziň bu ählihalk forumynda sözlän sözi, kabul eden çözgütleri aýratyn taryhy ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşyna salgylansak, ähli pudaklar boýunça guwandyryjy ösüşleriň gazanylandygyny görmek bolýar. Önümçilikde gazanylýan üstünlikleriň indiki edilmeli işlere ygtybarly binýat boljakdygy şübhesizdir. Munuň özi ýakyn ýyllarda gazanyljak umumy ykdysady ösüşiň netijelerine hem oňaýly täsir eder. Ýokary netijeleri gazanmak bolsa häzirki döwrüň esasy talabydyr.

Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde senagatlaşdyrmak syýasatynda Balkan welaýaty aýratyn möhüm orny eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu welaýat eziz Diýarymyzyň senagat taýdan has ösen sebitidir. Nebit we gazhimiýasy, şonuň ýaly-da himiýa senagaty sebitiň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny düzýär. Welaýatda häzirki wagtda işlenilýän ýataklaryň serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak, himiki çig malyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly bolan nebithimiýa we himiýa pudaklaryny ösdürmek üçin hem juda uly mümkinçilikler bar. Munuň özi welaýatyň senagat önümleriniň eksportyny has-da artdyrmaga aýgytly täsirini ýetirmek bilen, geljek üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Günbatar sebitiň serişdeler mümkinçiligi gurluşyk senagaty pudaklaryny çalt depginlerde ösdürmäge giň şertleri döredýär. Möhüm gurluşyk materiallaryny — dolomit, gips we angidrit, kerpiç palçygy, jyglym daşlar we çagyl, gurluşyk we silikat çägesi, diwar daşlary üçin öýjük-öýjük hekler, magma magdanlary, örtgülik materiallar ýaly ençeme önümleri öndürmek üçin çig mal binýadynyň bolmagy gurluşyk senagatynyň esasy daýanjy bolup çykyş edýär.

Hut şu artykmaçlyklar Balkan welaýatynda köpugurly gurluşyk materiallary senagatyny döretmäge mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, hut häzirki wagtda welaýatyň çäklerinde giň gerimlerde alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygy üçin zerur bolan serişdeleriň ählisi diýen ýaly bu sebitiň özünde öndürilýär. Şonuň bilen birlikde, ol gurluşyk serişdeleri deňiz, polat we gara ýollar arkaly eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerine hem yzygiderli ugradylýar.

Türkmenistanda dürli görnüşli peýdaly gaty magdanlaryň 200-den gowragy hasaba alyndy. Şonuň aglaba böleginiň ätiýaçlyk gory Balkan welaýatynyň çäginde ýüze çykaryldy.

Aýratyn hem welaýatyň çäginde uglewodorod çig malynyň, mineral duzlaryň, gidromineral serişdeleriň, stronsiý magdanlarynyň, ýerasty läbik dag jynslarynyň, gaty kömürleriň, himiki jisimleriň we gurluşyk materiallarynyň birnäçe görnüşli uly gorlary jemlenendir.

Häzirki wagtda çig mal gorlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň hasabyna ozal senagat akymlaryna akdyrylýan ýodly, bromly suwlaryň düzümindäki peýdaly komponentleri doly derejede peýdalanmagyň, dürli pudaklarda ulanylýan gaolid organiki önümleri öndürmegiň üstünde-de işlenilýär.

Hakberdi Turmaýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Geologik kartalaşdyrma we markşeýder işi kafedrasynyň müdiri.

 

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle