TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýurdumyzda pagta ýygymyna badalga berildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, şu gün ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi. Il sylagly ýaşulularyň «Bismillasi» bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümine badalga berildi. Toprak-howa şertlerine görä, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy 14-nji sentýabrda başlanar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Şu ýyl Ahal ýaýlasynyň pagtaçy daýhanlary 135 müň gektarda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirip, ýygym möwsümine ýokary taýýarlykly geldiler. Welaýatyň pagtaçylary şu ýyl ýokary hilli «ak altynyň» 280 müň tonnasyny taýýarlap, Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Möwsümde welaýat boýunça  ýokary öndürijilikli kuwwatly kombaýnlaryň 363-sini bökdençsiz işletmek göz öňüne tutulýar. Hasyly pagta arassalaýjy kärhanalara daşamakda dürli kysymly ulaglaryň jemi 2 müňe golaýy ulanylar. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň 8-si, pagta kabul ediş harmanhanalaryň 19-sy daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny degişli talaplara laýyklykda kabul eder.

Balkan welaýatynyň oba hojalyk toplumynyň zähmetsöýer daýhanlary-da şu ýyl pagta ýygymyna taýýarlykly geldiler. Jogapkärli möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek kombaýnçylar iki çalşykda işläp, möwsümiň agrotehniki möhletde we oňat hilli geçirilmegini gazanarlar. Ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlar hemişe iş üstünde bolup, ýygym döwründe bökdençligiň ýüze çykmazlygyny üpjün ederler. Olara ediljek medeni, söwda hyzmatlary bolsa pagta ýygymynyň depginini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirer. Munuň özi şu möwsümde welaýatda 10 müň tonna «ak altyn» taýýarlamak baradaky meýilnamanyň abraý bilen berjaý edilmegine goltgy berer.

Lebaply pagtaçylar şu ýyl 130 müň gektar meýdanda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Şonça meýdandan 320 müň tonna «ak altyny» almak göz öňünde tutulýar. Möwsümde pagta ýygýan kombaýnlaryň güýjünden netijeli peýdalanmak hem öňde goýlan esasy maksatlary biridir. Atyzlara 308 sany kuwwatly pagta ýygýan kombaýnlary çykarmak meýilleşdirilýär. Olaryň 218-si «John Deere 9970», galanlary bolsa «MX-1,8» kysymly kombaýnlardyr. Her ýyl bolşy ýaly, 2022-nji ýylda lebaply daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny pagta arassalaýjy zawodlaryň 11-si gaýtadan işlär we ýeňil senagat üçin gymmatly önümi ýurdumyzyň ýüplük egriji kärhanalaryna ugradarlar.

Mary welaýaty boýunça şu ýyl 165 müň gektara gowaça ekildi. Möwsüme taýýarlanylan kuwwatly tehnikalar pagta ýygymyny çalt depginlerde alyp barmaga we ýetişdirilen hasyly gysga möhletde ýygnap almaga mümkinçilik berer. Şu möwsümde welaýat boýunça pagta ýygýan kombaýnlaryň 467-si öndürijilikli işlediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle