TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýurdumyzda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Kodekse laýyklykda, bu çäre, ozaly bilen, uzak möhletleýin iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, saýlawlar gününde — 26-njy martda dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, iň mynasyp dalaşgär üçin ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.

Saýlaw möwsüminiň barşy barada aýdylanda, şu günler ähli uçastok saýlaw toparlarynyň guramaçylykly işleýändigini bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň mynasyp wekilleri girizildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ähli tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda öz wagtynda guraldy. Ýurdumyzda döredilen 2644 saýlaw uçastogynyň ählisi ses bermegi guramaga doly taýýar. Şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 42-si saýlawçylara garaşýar.

Milli synçylardan başga-da halkara synçylar we bilermenler saýlawlara monitoringi amala aşyrýarlar. Olaryň ählisine saýlawlaryň öň ýanynda hem, gönüden-göni ses berilýän günde hem paýtagtymyzyň, welaýatlaryň saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.

Ýene-de okaň

Hytaýda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammit geçiriler

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Teswirle