Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp, ýurdumyzyň pagtaçylarynyň durmuşynda möhüm möwsümiň — gowaça ekişiniň golaýlap gelýändigini nygtady hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda — anna güni, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda — çarşenbe güni gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.
“Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi üçin zerur bolan möçberde tohumlar hem-de ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly taýýarlanyldy. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde ýurdumyz boýunça jemi 1 müň 800 sany gowaça ekijini we bejergi traktorlaryny işletmek meýilleşdirilýär.