JEMGYÝET

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar.

Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.

Şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy. Oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Şu ýylyň galla oragy möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça bugdaý ýygyjy kombaýnlar, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olar gije-gündiz işlemek bilen, ekerançylaryň ýetişdiren bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder. Şeýle hem göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi hyzmat edip, galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur bolan durmuş şertleri üpjün ediler.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri