JEMGYÝET

ÝUNISEF-iň Türkmenabatdaky çagalar merkezinde

2013-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenabat şäherindäki 62-nji «Jaňjagaz» çagalar bagynyň binýadynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň başlangyjy hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi bilen «Ösüşinde aýratynlygy bolan çagalaryň merkezi» döredildi. Bu merkezde çagalaryň akyl we beden taýdan ösüşiniň mümkinçilikleri doly açylyp, olaryň öz-özüne hyzmat etmek ukybynyň artmagyna şert döredilýär ― diýip, «Türkmen gündogary».

BMG-niň Çagalar gaznasy 2017-nji ýyldan başlap, bütin dünýä de we Türkmenistanda çagany irki ýaşdan ösdürmek boýunça dört ýyllyk maksatnama badalga berdi. Bu başlangyç çaganyň durmuşynyň iň irki döwürlerinde oňa düşünmek, goldamak, ony dogry iýmitlendirmek we goramak ýaly maksatlardan ugur alýar. Çagalar bagynyň binýadynda döredilen merkeze 14 ýaşa çenli bolan çagalar kabul edilýär. Bu ýerdäki montisori otagy ýaş aýratynlyklaryna görä böleklere bölünen. Çagalara hödürlenilýän her bir oýnawajyň yzygiderliligi we maksady bar.

— Her bir çaganyň pikirleniş ukybyny açmagyň öz usullary bar. Bu merkeziň montisory otagynda meýilnama boýunça ýerleşdirilen her bir enjam çagalaryň hereketlerini, aňyny, sözleýiş endiklerini, öz-özüne hyzmat edişini, köpçülikde özüni alyp barşyny kadalaşdyrmaga gönükdirilen. 5 ýaşly çaga niýetlenilen oýnawajy ilki bilen degişli hünärmenler oýnap görkezýär. Soňra oýnawajy çaganyň öňünde goýup, syn edýär. Eger çaga oýnawajy oýnap bilmese, mugallym onuň bilen bilelikde oýnamagy öwredýär — diýip, bu ýerde işleýän dil düzediş mugallymy Nargiza Taýirowa gürrüň berýär.

Geçen ýyl Russiýadan, Moldawiýadan, Rumyniýadan gelen hünärmenler bu merkeziň işi bilen tanyş boldular. Üstümizdäki ýylyň fewral aýynda hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda merkezde hünärmenler üçin ýörite okuwlar guraldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi bilen bu merkeziň işçi toparynyň agzalary Sankt-Peterburg şäherindäki «Çagalaryň irki ösüşiniň goşulmasy» atly institutda okuwlarda bolup, dünýäde ykrar edilen täzeçe iş usullaryny öwrendiler.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” ady berildi