JEMGYÝET

ÝUNISEF Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyny Güwänama bilen sylaglady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow gaznanyň alyp barýan işleri hem-de kömege mätäç çagalara berilýän lukmançylyk kömegi barada hasabat berdi. Bellenilip geçilişi ýaly, gaznanyň kömegi bilen hassa çagalara çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan we kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça işleriň meýilnamasy tassyklandy.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň BMG-niň ÝUNISEF guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan saglygyny dikeltmäge mätäç bolan çagalara berilýän lukmançylyk hyzmatlary we olaryň ýagty gelgeje bolan umytlaryny pugtalandyrmaga goşýan goşandy üçin Güwänama bilen sylaglanandygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 24-nji sentýabrda geçiriler