TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ysraýyl Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda ynanç hatlarynynyň nusgalaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki işiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlyk etmekde, şol sanda halkara başlangyçlary we teklipleri özara goldamakda oňyn tejrbäniň bardygy beýan edildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň maksadalýykdygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi işinde ileri tutulýan ugurlar hökmünde saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym-bilim ugurlary kedgitlenildi. Şol bir wagtda ysraýyl tarapy Türkmenistanda Ysraýylyň medeniýet günlerini gurnamakda gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplarikitaraplaýyn özara herektleri ösdürmek üçin tagallalary gaýgyrmajakdyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle