TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Yslam Raýdaşlyk oýunlary yza süýşürilýär

2021-nji ýylyň sentýabrynda geçirilmegi göz öňünde tutulan Yslam Raýdaşlyk oýunlary bir ýyl yza süýşüriilýär. Türkiýäniň Konýa şäherinde gurnaljak bu ýaryş 2022-nji ýyla geçirildi. Bu barada oýunlaryň resmi internet saýty habar berýär.

Yslam Raýdaşlyk oýunlary federasiýasynyň ýolbaşçysy Abdulaziz b’n Türki Al-Feýsal al-Saud Türkiýäniň ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasaplogly bilen wideomaslahat esasynda geçirilen duşuşykda 5-nji Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň 2022-nji ýyla geçirilmeginiň has möhüm bolup durýandygyny belledi.

Bu oýunlaryň federasiýasynyň dolandyryş geňeşiniň agzalary hem bu teklibi makullap, türgenleriň we wekiliýetleriň saglygynyň möhümdigini belledi. Pandemiýa bilen baglanyşykly wakalary öňündne çak etmegiň kyndygy bellenilip, bu ýokançylk sebäpli dürli ýaryşlarda çykyş edýän türgenleriň sanynyň azalýandygy bellenilip geçildi. köp sanly gatnaşyjy ýurtlaryň pandemiýanyň şertlerinde bu ýaryşa gatnaşmak mümkinçiliginiň kyndygy göz öňünde tutulyp, bu oýunlary yza süýşürmegiň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem wideomaslahatly duşuşykda Yslam Raýdaşlyk oýunlarynyň 2025-nji ýylda Kamerunda geçirilmegi babatda degişli çözgüt kabul edildi.

5-nji Raýdaşlyk oýunlarynyň sanawyna sportuň 20 görnüşi girizildi.

 

«Messi we Mbappe ýaly beýik oýunçylar bilen oýnadym. Emma …»

 

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle