TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Yslam Raýdaşlygy oýunlary: türkmen türgenleri 23 medal gazandy

Dünýäniň 55 döwletine ýaýran giň geografiýany öz içine alan V Yslam Raýdaşlygy oýunlary tamamlandy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, yslam dünýäsiniň iň iri sport baýramçylygy şu ýyl Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirildi.

 Türkmenistanly türgenler, garaşylyşy ýaly, bu gezekki ýaryşdan hem medallar bilen Watanymyza dolanýarlar. Olar oýunlaryň çäginde dürli derejeli medallaryň 23-sine mynasyp boldular. Bu bolsa Türkmenistanyň medal tertibinde 55 döwletiň arasynda 12-nji orny eýelemegine şert döretdi.

Sportuň 24 görnüşi boýunça geçirilen oýunlarda türkmen türgenleri agyr atletika, kikboksing, dzýudo we sport göreşi boýunça has güýçlidigini subut etdiler.

Eger mundan sanly gün ozal ýurdumyzyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndylarynyň wekilleri Özbegistanda geçirilen Aziýanyň çempionatyndan medallaryň uly toplumy bilen gaýdyp gelen bolsalar, V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda sportuň bu görnüşi boýunça milli ýygyndymyzyň wekilleri jemi 13 medal gazandylar.

Şeýle hem ildeşlerimizden kikboksingçiler Omargeldi Nurgeldiýew, Muhammet Altybaýew, Hajymyrat Geldimämmedow, dzýudoçylar Hakberdi Jumaýew, Hekim Agamämmedow, Zülhumar Daşgynowa we sport göreşiniň grek-rim görnüşi boýunça ýaryşan Azatjan Açylow dagy hem bürünç medal bilen dolandylar.

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle