BIZNES

Yslam Ösüş bankyna täze ýolbaşçy bellenildi

Muhammet Süleýman al-Jassir Yslam Ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti wezipesine saýlanyldy. Bu wezipä Saud Arabystany tarapyndan hödürlenen dalaşgär 20-nji iýulda bäş ýyllyk möhlet bilen wezipesine girişdi.

Ýolbaşçylar Geňeşi, şeýle hem, iki mukaddes metjidiň işgäri, patyşa Salmon ibn Abdulaziz al-Saud we Saud Arabystany Patyşalygynyň hökümetine YÖB-nyň döredilen gününden bäri berýän goldawlary üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirmek hususynda karar kabul etdi. Kararda doktor Bandar ibn Muhammet al-Hajar Alyhezretleri tarapyndan saýlanandan bäri YÖB-niň gurluşlary we YÖB topary öňünde  amala aşyrylan ajaýyp işleri hem-de we geçen döwrüň içinde dünýä maliýe bazarlaryndaky maliýe guramalarynyň arasynda öz abraýyny götermäge mümkinçilik döreden uly üstünlikleri üçin, Bankyň Ýolbaşçylar Geňeşi tarapyndan goldanany we ýokary bahalanany ýazylandyr.

2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda sişenbe güni S. Umurzakowyň ýolbaşçylygynda we Komitetiň agzalary bolan Ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Bankyň Ýolbaşçylar geňeşiniň düzgün-nyzamlar boýunça komiteti YÖB-nyň başlygy wezipesinde doktor Bandar ibn Muhammet al-Hajar Alyhezretleriniň ornuna iş ýöretmek üçin  Saud Arabystany Patyşalygynyň wekili , doktor Muhammet  al-Jassir Alyhezretiniň dalaşgärligini görüp çykmak maksadynda wideokonferensiýa geçirildi. Bu mejlisiň dowamynda Komitet doktor al-Jassiri geljek 5 ýyla YÖB-niň täze prezidenti wezipesine saýlamak üçin karar taslamasynyň kabul etmekligi maslahat berdi. Şeýle hem, Komitet doktor Hajara minnetdarlyk hatyny ibermek üçin ýene bir kararyň taslamasyny kabul etmegi maslahat berdi. Kararlaryň ikisi hem Direktorlar geňeşiniň agzalaryna gaýybana kabul etmeklik üçin hödürlendi.

Polşada köp çagalylara pul berler

 

 

Ýene-de okaň

BAE bilen Ukraina hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler

Gazagystan bilen Özbegistan bilelikdäki söwda merkezlerini döreder

Belarusly işewürler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

«Malaý» gaz käni: 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

«Uzynada» käninde täze gaz akymy alyndy

«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi