SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Yslam ösüş banky Türkmenistandaky onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirer

Yslam ösüş bankynyň 356-njy direktorlar geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanda, Türkiýede we Surinam Respublikasynda amala aşyryljak täze taslamalary maliýeleşdirmek hakynda çözgüt kabul edildi. Yslam ösüş bankynyň müdiýetiniň başlygy Dr. Muhammad Al-Jasseriň baştutanlygynda geçirilen mejlisde agza döwletlerde täze taslamalary maliýeleşdirmek üçin 368.98 million dollaryň bölünip beriljekdigi bellenildi. Bu barada maliýe edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu strategik möhüm taslamalar banka agza döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de durnukly ösüşine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Yslam ösüş banky Türkmenistanda üç sany onkologiýa merkezileri maliýeleşdirmegiň hasabyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegine goşant goşjakdygy bellenildi. Bu taslamar üçin 156.3 million maliýe serişdeleri gönükdiriler. Bu taslama gündelik lukmançylyk hyzmatlarynyň möçberini 33 göterim artdyrmaga hem-de her ýyl 11750 näsaga berjegi almaga mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp,  Mary welaýatynda 200 orunlyk, Balkan we Lebap welaýatlarynda her biri 150 orunlyk halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň taslamalary bilen tanşypdy.

Ýene-de okaň

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna «Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty» berildi

«Türkmenhowaýollary» agentligi Kuala-Lumpur şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar

«Türkmenhowaýollary» agentligi Jidda şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar