TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýatyrylan <> kompaniýa gymmada düşdi

Ýakynda basketbol boýunça Amerikanyň kolleŽ ligasynda (NCAA) täsin ahwalat bolup geçdi. «Duke Blue Devils» hem-de «Demirgazyk Karolina» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda Zion Williamsonyň ýyrtylan «Nike» sport aýakgaby kompaniýanyň paýnamalaryny 1 milliard dollardan gowrak pese düşürdi.

Indiki möwsümde NBA-da çykyş etmegine garaşylýan ýaş ýyldyzyň ýykylan pursatynda sport aýakgabynyň ortarasyndan ikä bölünmegi, ony sähel bolsa şikesli ýagdaýa getirýärdi. Her niçik hem bolsa basketbolçy bu ýagdaýda sähelçe agyry bilen sypdy.

Ýöne esasy şikesi «Nike» kompaniýasy aldy. Şol günüň ertirligi kompaniýa söwdada 1 milliard dollara çenli zyýan gördi. Müşderileriň köpüsi «Nike» sport aýakgaplaryndan ýüz öwürdiler. Bu waka kompaniýanyň taryhynda henize çenli gabat gelnen iň uly zyýandyr. Üstesine-de basketbolyň dünýä ýyldyzlary bu wakany kompaniýanyň sport aýakgaplarynyň hiliniň pesdigi bilen baglanyşdyrýarlar.

Kompaniýanyň bu bolup geçen waka bilen bagly jogaby gijikmedi. Ýaş ýyldyzdan ötünç soran kompaniýa bu ýagdaýy: «Önümiň hili we netijeliligi biziň üçin hem iň esasy aýratynlyk. Ählimiz garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolduk, ýöne asyl sebäbini ýakyn günlerde bileris we düzederis» diýip aýdyňlaşdyrdy. «Nike» şol bir wagtyň özünde «Duke Blue Devils» basketbol toparynyň esasy hemaýatkärleriniň hem biridir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle