TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmen raýatlary daşary ýurtlardan getiriler

Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň raýatlaryny ata Watanymyza getirmek işlerini yzygiderli ýagdaýda dowam etdirýär.

“Orient.tm” internet saýtynyň beren maglumatyna görä, Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky türkmen raýatlary ýurdumyza gelerler.

Ilki bilen 7-nji oktýbrda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing-777-200” kysymly uçary bilen Aşgabat-Moskwa-Türkmenabat ugry arkaly 277 raýatymyz ýurdumyza geler.

9-njy oktýabrda Aşgabat-Mýunhen ugry boýunça amala aşyryljak gatnaw arkaly türkmen paýtagtyndaky diplomatik wekilhanalaryň işgärlerini hem-de beýleki daşary ýurt raýatlaryny we olaryň maşgalalaryny äkitmek göz öňünde tutulýar.

11-nji oktýabrda bolsa, Mýunhen-Türkmenabat ugry bilen türkmen we daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistana getirmek meýilleşdirilýär.

Soňra 10-njy oktýabrda “Boeing-777-200” kysymly uçary bilen Aşgabat-Kiýew-Türkmenabat ugry arkaly ýene-de 277 raýatymyz ata Watanymyza dolanar.

Türkmenistana gelýän ähli raýatlarymyz düzgünlere laýyklykda, Türkmenabat şäherinde 2 hepdelik karantin çärelerine tabyn bolarlar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary Russiýadan, Hindistandan, Türkiýeden hem-de Belarusdan getirildi.

ABŞ-da talyp hakly bilim: Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy

 

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Dünýä Sahypamyz

Otly gatnawlary barada täze maglumat

Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary näme?

 

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

Ýene-de okaň

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Teswirle