TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýollarymyz asuda – ýurdumyz parahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetimizde demokratiýany dabaralandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Garaşsyz Watanymyzda hereket edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär we ýol hereketiniň çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Toýlara beslenýän günlerde ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi halkymyzyň abadan, asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işleriň naýbaşysydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, guralýan bu biraýlyk çäreleri indi berkarar döwletimizde asylly däbe öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamy dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şonuň bilen baglylykda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramaga we ýol hereketiniň medeniýetini ýokarlandyrmaga möhüm mesele hökmünde garalýar.

Paýhasly pederlerimiziň «Ýol abat — il abat» diýşi ýaly, ýollaryň abadançylygy halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşynyň kepilidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda batly depgin bilen gurluşygy dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy, Aşgabat — Türkmenbaşy aralygynda awtomobil ýoly, halkara ulag ýollarynyň ugrunda gurulýan köprüler ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýän erkana ýurdunda ýol hereketiniň howpsuzlygy esasy üns merkezinde durýar.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli orta mekdeplerde we çagalar baglarynda wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, bäsleşikler hem-de düşündiriş işleri geçirilýär. Okuwçy ýaşlara, şeýle-de çagalar baglarynyň körpelerine köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri öwrediler, şonuň bilen baglanyşykly täsirli gürrüňler berilýär. Şeýlelikde, ýaş nesillerde ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamak endigini terbiýelemek, olaryň köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly düşünjesini artdyrmak maksady bilen geçiriljek çäreleriň netijeliligi gazanylýar.

Ýer ýüzüne parahatçylygyň, ynanyşmagyň nusgasyna öwrülen ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda özüniň halkara abraýyny has-da berkidýär. Halkara derejede öňe sürülýän oňyn başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan belent ykrarnama eýe bolup, ýylyň-ýylyna hoş habarlar gelip gowuşýar. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýän Kararnamalaryň ählisi halklaryň bähbidine gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlar hem halkara derejede doly ykrar edilýär.

Döwletgeldi Pötdiýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle