TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýolagçy otly gatnawlary artdyryldy

Ýurdumyzyň käbir şäherlerine ýolagçy otlylarynyň gatnawlary artdyryldy. Indi olar ozalky, adaty tertibinde amala aşyrylýar. Bu barada «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berýär. Bu barada “Türkmenportal” internet neşiri habar berýär.

16-njy aprelden Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat ugruna ýolagçy otly gatnawlary gündelik ýola goýuldy. Degişli ugra indi ol her gün ýerine ýetirilýär.

Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat hem-de Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça-da otly gatnawlary her gün ýerine ýetirilýär. Mundan ozal, degişli ugurlara gatnawlar günaşadan amala aşyrylýardy.

19-njy aprelden Türkmenabat — Gazojak — Türkmanabat ugry boýunça-da gatnawlar her gün ýerine ýetiriler.

Ýene-de okaň

Türkiýe bilen welosiped arkaly tanyşmak

Halkara ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ata Watan Eserleri

Teswirle