TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlanýar

Şu gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlanýar.

Ýokary bilim almagy besleýän ýaşlaryň dürli ugurlardan bakalawr we magistr maksatnamasy boýunça bilim alyp, ökde hünärmenler bolmagyna hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmalydyrys. Şu okuw ýylyndan orta hünär okuw mekdeplerinde hem täze hünärleriň birnäçesiniň açylmagy bilen okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany artdyryldy.

Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 326 talyp kabul edilýän bolsa, bu geçen ýylkydan üç ýüz ýigrimi talybyň artykdygyny görkezýär.

Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 adam kabul edilýär. Bu bolsa, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, üç ýüz segsen adamyň artykdygyny aňladýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň zerur, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini görkezýär.

 

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Russiýa ugrady

 

Ýene-de okaň

Talyp karzy: «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky

Ata Watan Eserleri

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Ata Watan Eserleri

Mekdep bazarlary işläp başlady

Ata Watan Eserleri