JEMGYÝET

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlar

  1. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň. Çig we taýýar iýmit üçin aýratyn kesiji tagtalary we pyçaklary ulanyň.
  2. Çig eti dograýan we taýýar iýmit bilen işleýän wagtyňyzyň arasynda elleriňizi ýuwup duruň.
  3. Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň. Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň. Jemgyýetçilik ýerlerinde ýere tüýkürmäň.
  4. Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça, wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň.
  5. Eger siz näsaglamankaňyz, haýsydyr bir ýurda gidip-gelen bolsaňyz, bu barada lukmana aýdyň.
  6. Elleriňizi ýuwuň. Eller gaty hapa bolan ýagdaýynda, olary sabyn bilen akar suwuň aşagynda ýuwuň.
  7. Elleriňiz o diýen hapa däl bolsa-da, olarda göze görünmeýän kesel döredijileriň köp mukdarda bolmagy mümkin. Şol sebäpli elleriňizi dürli zyýansyzlandyryjy erginler bilen tämizläň ýa-da sabynlap ýuwuň.
  8. Syýahat edýän wagtyňyz özüňizi ýokançdan goraň.
  9. Eger gyzgynyňyz ýokarlansa we üsgürip başlan bolsaňyz, syýahata gitmegi goýbolsun ediň.

Çeşme : Türkmenistan gazeti, 23 Mart 2020

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin täze güwänama berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýarym finala çykdy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar