Ynsan oglunyň agyrlygynyň bilim, üşük bilen kesgitlenýändigini beýan eder

 

VI Yalŋuk Oğlanı Ağırlıki Bilig Ukuş Birle Erdükin Ayur 6.YNSAN OGLUNYŇ AGYRLYGYNYŇ BILIM,

ÜŞÜK BILEN KESGITLENÝÄNDIGINI BEÝAN EDER

148 Törütti üdürdi seçü yalŋukuğ,
aŋar berdi erdem bilig ög ukuğ
148.Ýaratdy, ösdürdi, seçdi ynsany,

Berdi edep, bilim, üşükdir aňy.

149 Köŋül berdi hem me yorıttı tilig,
uvut berdi kılk hem kılınçı silig
149.Köňül berdi hem-de ýöretdi dilin,

Berdi uýat, häsýet hem sap gylygyn.

150 Bilig berdi yalŋuk bedüdi bu kün,
ukuş berdi ötrü yazıldı tügün
150.Bilim berdi ynsan beýgeldi bu gün,

Üşük berdi, soňra ýazyldy düwün.

151 Bayat kimke berse ukuş ög bilig,
üküş edgülükke uzattı elig
151.Baýat kime berse aň,üşük, bilim,

Ençe eýgilige uzatdy elin.

152 Biligni bedük bil ukuşnı uluğ,
bu iki bedütür üdürmiş kuluğ
152.Bilimlin beýik bil, üşüklin – uly,

Ikisi beýgelder, seçer ol guly.

153 Bu sözke tanukı munu keldi söz,
bu sözni eşitgil sözüg munda üz
153.Bu sözüň tanygy geldi şeýle söz,

Bu sözi eşitgil, sözüň munda üz.

154 Ukuş kayda bolsa uluğluk bulur,
bilig kimde bolsa bedüklük alur
154.Üşük kaýda bolsa, ululyk bolar,

Kimde bilim bolsa, beýiklik alar.

155 Ukuşluğ ukar ol biliglig bilir,
biligli ukuğlı tilekke tegir
155.Üşükli düşüner, bilimli utar,

Bilimli, üşükli dilegne ýeter.

156 Bilig manisi bil negü ter bilig,
bilig bilse ötrü yırar erde ig
156.Bilim manysyny öwrenseň asal,

Bilim bilseň, gelmez ig ýa-da kesel.

157 Biligsiz kişi barça iglig bolur,
igig emlemese kişi terk ölür
157.Bilimsiz kişi barça igli bolar,

Igi emlemeseň, kişi terk öler.

158 Yorı ay biligsiz igiŋni ota,
biligsiz otın sen ay bilge kuda
158.Ýöre, eý bilimsiz igiňni otar,

Bilimsizin otyn, bilgir, sen ýetir!

159 Ukuş ol burunduk anı yetse er,
tilekke tegir ol tümen ârzû yer
159.Üşük bir burunlyk, ony itse är,

Dilegine ýeter, tümen arzuw iýr.

160 Ukuş bolsa erke kör asğı üküş,
bilig bilse ötrü bolur er küsüş
160.Ärde üşük bolsa, peýdasy köp, gör,

Bilim bilse kişi beýgeler ol är.

161 Ukuş birle işler kamuğ iş küdüg,
bilig birle bekle bu bulmış üdüg
161.Üşük, paýhas bilen işiňi bitir,

Hemişe bilimiň üstüni ýetir!

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdy

Magtymguly Pyragy Ženewada tanyşdyryldy

Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gaz ibermek maslahatlaşyldy

Bütindünýä bankynyň wekiliýeti Türkmenistandaky ýyladyşhanalara baryp gördi

Orazguly Annaýew: zamananyň çeper söz senediniň ussady 

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan üstaşyr ýük daşamak üçin rugsatnamalary ýatyrmagy maslahatlaşýar

Şäherara ilkinji uçýan taksi synag edildi

Mazenderan welaýatynyň Türkmenistana eskporty artdy

Türkmenistan Täjigistanda Söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Owgan işewürleri Aşgabatda senagat we eksport mümkinçiliklerini görkezer

Türkmen-hytaý söwda gatnaşyklary maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Osman Saparow: kino sungatynyň kämil halypasy

29-njy Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistan bilen Tatarystan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Ata Watan Eserleri

USAID tarapyndan žurnalistler üçin okuw seminary guraldy

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

Owgan işewürleri Türkmenbaşy halkara portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

ADNOC kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi