TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ynamly finala tarap

“Ýuwentus” bilen “AC Milan” toparlarynyň arasynda geçirilen “Italiýa kubogynyň” ikinji ýarym final oýuny deňme-deň tamamlandy.

Duşuşygyň 16-njy minutynda ýer eýeleri, “Milanyň” goragçysy Andrea Kontiniň jerime meýdançanyň içinde pökginiň eline degmegi bilen Ýuwentus toparyna 11-metrlyk jerime urmak hukugyny gazandyrdy. Bu jogфpkärli jerime urgusynyň başyna Kriştiano Ronaldo geçdi we onuň gönükdiren urgusy Janluiji Donnarummanyň derwezesiniň sütünine degdi. Bular ýaly waka Ronaldo üçin 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri ilkinji gezek boldy. Az salymdan, Milan topary on oýunçy bolup galdylar. Ýuwentusyň goragçysy Danilo garşy düzgüni pozan üçin Milanyň ýarymgoragçysy Ante Rebiçe göniden-göni gyzyl petek görkezildi.Galan oýun wagtynda toparlar hasap açyp bilmediler. 13-nji fewralda geçirilen ilkinji oýunda (1: 1) öňe saýlanan pökginiň netijesinde Ýuwentus alty ýyldan bäri bäşinji gezek ýaryşyň final duşuşygyna çykdy. Ýurduň kubogynyň ikinji finala çykjak toparyň ady şenbe güni “Inter” bilen “Napoli” arasynda geçiriljek duşuşygynda belli bolar.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle