TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýylyň syýahatçylyk üçin iň gowy ýerleri

Dünýäniň iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň iň gowy syýahatçylyk nokatlarynyň sanawy düzüldi. Bu sanawda Ýewropanyň üç şäheri ― London, PariŽ we Rim ilkinji üç orny eýeleýär.

Sanaw düzülende, saýlanyp alnan ýerleriň myhmanhana mümkinçiligi, restoranlary we ýylyň ähli paslynda syýahatçylary özüne maýyl edip biljek aýratynlyklary göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, sanawyň ilkinji 10-lugyny şu ýerler we şäherler emele getirýär:

Birinji orun: London (Beýik Britaniýa);

Ikinji orun: PariŽ (Fransiýa);

Üçünji orun: Rim (Italiýa);

Dördünji orun: Krit adalary;

Bäşinji orun: Bali adalary;

Altynjy orun: Phuket (Tailand);

Ýedinji orun: Barselona (Ispaniýa);

Sekizinji orun: Stambul (Türkiýe);

Dokuzynjy orun: Marokko (Marokko);

Onunjy orun: Dubaý (BAE).

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle