TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýylyň meşhur aktrisalary

«2019-njy ýylyň iň meşhur kinoaktrisasy» diýlip, Golliwudyň ýyldyzy Bri Larson yglan edildi. Bu barada IMDb-niň bilermenleri Internetde kinoýyldyzy yzarlaýjylaryň sanynyň beýleki bäsdeşlerinden has artmagyna esaslanyp habar berýärler.

Bri Larsonyň 2019-njy ýylda ekranlara çykan «Kasasgärler: Ar alyş» we «Kapitan Marwel» filmleri kino sungatynyň muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyk we söýgi gazandy.

Sanawyň ikinji basgançagyny «Ýigitler» atly köp bölümli filmiň aktrisasy Erin Moriarti eýeleýär. «Tagt oýunlary» atly meşhur köp bölümli filmiň superýyldyzy Emiliýa Klarkyň bolsa bu sanawda üçünji orny eýelemegi, aslynda, täsinlikdir.

Şeýle hem sanawyň ilkinji on basgançagynda «Alladin» filminden Naomi Skottyň, «Harly Kwin» filminden Margo Robbiniň we beýlekileriň atlary bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle