BIZNES

Ýylyň öýi Ýaponiýada

«Ar House 2019» sergisinde dünýäniň iň gowy öýi bilen tanyşdyryldy. Ol Ýaponiýanyň Kurasiki şäherinde ýerleşýär diýip, dünýä metbugaty habar berýär.

Aslynda, bu öý ― köne bina. Gurluşyk kompaniýalarynyň biri tarapyndan onuň durky täzelenipdir. Binagärler ony döwrebap hala getirmek bilen bir hatarda taryhy durkuny hem saklap galypdyrlar.

Öýüň durkuny täzelemek işlerine dünýä belli binagärler: ýaponiýaly Takesi Haýýasu, norwegiýaly Mante Kula, britaniýaly Stiwen Teýlor we beýlekiler gatnaşdylar.

Ýylyň iň gowy öýi boýunça geçirilen gözden geçirilişe 200-den gowrak öý dalaşgär görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-türk işewürler maslahaty geçirildi

“VISA” nagt däl töleg ulgamynda Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklip etdi

Amerikaly kompaniýalar Türkmenistanda 3,3 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirýär

Türkmen gazy Yragyň elektrik stansiýalarynyň zerurlyklaryny üpjün eder

Awstriýanyň kompaniýalarynyň Aşgabada sapary

Gazagystan bilen Eýran söwdanyň möçberini 3 milliard dollara ýetirer