TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýylyň bloggerleri

«Forbes» neşiri 2019-njy ýylyň iň meşhur «YouTube» blogerlerini yglan etdi. Täsin hem bolsa, sanawyň birinji ornuny ABŞ-ly 8 ýaşly Raýan Kaji eýeleýär. Onuň täze oýunjaklary bilen tanyşdyrýan «Ryan ToysReview» kanaly ýylyň dowamynda 26 million dollar girdeji getirdi. Başga bir täsinlik bolsa, Raýanyň bu sanawa bary-ýogy iki ýyl bäri dalaşgärlik edip gelýänligidir.

Sanawyň ikinji basgançagynda 5 ýigidiň dürli sport çykyşlaryny paýlaşýan «Dude Perfect» kanaly bar. «Forbese» görä, bu kanalyň 2019-njy ýyldaky girdejisi 20 million dollara barabar.

Üçüni orny bolsa 5 ýaşly russiýaly gyzjagaz Anastasiýa Radzinskaýa eýeleýär. Nastýanyň «YouTubedäki» kanallary 2019-njy ýylda 18 million dollar girdeji gazandyrypdyr. Häzir maşgalasy bilen ABŞ-a göçüp giden gyzjagazyň paýlaşýanlary soňky ýedi ýylyň wideolarynyň içinde iň çalt meşhurlyk gazananýanlar hökmünde ykrar edildi. Hatda onuň hemaýatkärleri hem bar. «Lego» we «Danone» kompaniýalary bu gyzjagazy ählitaraplaýyn goldap durýarlar.

Meşhur bloggerleriň hatarynda «Rhett and Link» (17,5 million dollar), «Jeffi Star» (17 million dollar), «Preston» (14 million dollar), «PewDiePie» (13 million dollar), «Markiplier» (13 million dollar), «DanTDM» (12 million dollar) we «VanossGaming» (11,5 million dollar) ýaly kanallar bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle