SIZDEN GELENLER

“Ylym we bilim XXI asyrda” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ata-watanymyz Türkmenistanda däp bolşy ýaly, Ylymlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri uly dabara bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde bilim ulgamyna hem sanly bilim ulgamynyň täze gazananlary yzygider ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamynyň döreden mümkinçilikleriniň çäklerinde onlaýyn maslahatlaryny guramak hem däbe öwüldi. Online maslahatlary işiň netijeliligini artdyrmakda ylmy gatnaşyklary halkara derejesinde ösdürmekde we kämilleşdirmekde ähmiýetli orna eýe boldy.

Ynha, ýakynda hem, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzda “Ylym we bilim XXI asyrda” atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Belarusyň Aleksandr Sergeýewiç Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetiniň, Özbegistanyň Buhara döwlet uniwersitetiniň, Russiýanyň Wolgograd döwlet sosial uniwersitetiniň, Daşkentiň Nyzamy adyndaky döwlet uniwersitetiniň hem-de biziň Seýitnazr Seýdi ayndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzyň alymlary gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatda çykyş eden alymlar häzirki zaman pedagogika ylmynyň möhüm meseleleri, okatmak usulyýeti bilen baglanyşykly ylmy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, Institutymyzyň alymlary ylym-bilimi ösdürmekde Arkadag Prezidentimiziň eserleriniň gymmaty hakynda giňden gürrüň etdiler. Maslahatda edilen çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Esasan-da, mekdebe çenli bilimi ýola goýmak, üznüksiz bilimi üpjün etmek, pedagoglaryň döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, ekologik bilim we terbiýe bermekde ylmy-amaly maslahatda çuň mazmunly çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem rus dilini öwretmegiň häzirki zaman meselelerini kämilleşdirmegiň ýollaryna bagyşlanan çykyşlar has-da täsirli boldy. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar biz ýaş alymlara dünýä derejesinde bilim berlişi bilen tanyşmaga uly mümkinçilik döretdi.

       Rozmeňli Hojamyradowa,

Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň

 mugallymy.

 

 

 

Kanada ýene-de çempion

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir