TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ylym-bilim – gymmatly baýlyklarymyz.

Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, biz  bilim işgärleri üçin  möhüm wezipe bolup durýar . Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym-bilim täzeliklerini, öňdebaryjy innowasion tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda biz-bilim işgärleri  döredijilikli we tutanýerli zähmet çekmelidiris. Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlyk hasaplanýar. Ynsan hem gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly abraý-mertebe gazanýandyr. Şu maksat bilen dersler sanly bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir.

Biziň ýaşlarymyzyň sözüň doly manysynda sowatly we ýokary terbiýeli nesil bolup ýetişmegini, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ähli şertleri döredip beren mähriban Prezidentimize buýsanjymyz artýar. Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri  kämilleşdirmelidiris.

Gadymy döwürlerden bäri hem biziň mähriban halkymyz halal bilen haramy tapawutlandyrmagy başarypdyr. Gadagan edilen zatlaryň gowulyga eltmejekdigini, soňra ökünmeli boljakdygyny hem-de  köp sanly bela-beteriň üstünden eltjekdigini bilip ündäp gelipdirler. Terbiýeçilik işinde, ilkinji nobatda milli gymmatlyklarymyzdan we bähbitlerimizden ugur almalydyrys. Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplap we döredip gelen  ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgelerini, jemgyýetçilik pikiriniň güýjüni, asylly maşgala däplerini, ululara hormat goýmaklygy, ata-enäni sylamaklygy, myhmansöýerligi, lebzihalallygy, adalatly bolmak ýaly ýörelgeler ýaşlara berilýän terbiýäniň esasy meselesi bolup durýar.

Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy has-da beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa jogap edip, biz bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, hormatly  Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.

 Gözel Kulbaýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle