SIZDEN GELENLER

Ykdysadyýetiň bedew batly ösüşleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimizde durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmagyň uly ähmiýeti bardyr.  Ýurdumyzda döwrebap sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ilki bilen ilatyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýokary depginli ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde hem-de işewürleriň dünýä bazaryndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermeginde bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň halkara we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly durnukly ösüş depginlerini saklamak ýörelgesinden ugur alynýar.

Şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezdi. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde importy çalyşýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrylýar.

Ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek hem dowam edýär. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. TOP elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary hem taýýarlanylýar.

Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,5 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,0 göterime barabar boldy.

Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän uly mümkinçilikleri ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň önümçiliginiň ýylsaýyn artdyrylmagyny şertlendirýär. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň netijesinde, ýokary hilli, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilip, haryt bolçulygy üpjün edilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna import azaldylyp, eksport önümleriň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligiň ösdürilmegi baradaky tagallalaryň, hemaýat-goldawlaryň netijesinde, ykdysadyýetiň hususy böleginde innowasion tehnologiýalara daýanýan senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän telekeçiler gatlagy emele geldi. Hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi. Ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýlup, eksporta gönükdirilen we importuň ornuny tutýan önümçilikler peýda boldy. Şeýlelikde, senagatda, gurluşykda, oba hojalyk toplumynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy amala aşyrylyp başlandy.

Milli maksatnamada ykdysadyýetiň pudaklary boýunça 2022 — 2052-nji ýyllarda gurulmagy we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän esasy önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawy bilen bir hatarda, «Oba milli maksatnamasyndaky», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndaky» görkezijiler hem öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler biziň her birimizi döredijilikli zähmete, üstünliklere ruhlandyrýar.

Munuň özi türkmen döwletiniň rowaçlanmagyny we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän milli maksatnamalarda kesgitlenen möhüm wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygyny gözegçilikde saklap, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmegiň zerurdygy nygtaldy. Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda beýik ösüşleriň täze tapgyryna bedew bady bilen gadam basdy.

Ykdysady özgertmeleriň barşynda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Sebäbi, täze tehnologiýalar ykdysady tygşytlylygy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi bilen tapawutlanýarlar. Aýratynam, ekologiýa babatda zyýansyz önümçiligi bilen tapawutlanýan “ýaşyl tehnologiýalaryň” ornunyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, şol sanda ulag ulgamyny ösdürmegi, ony mundan beýläk hem kämilleşdirmegi öz içine alýar. Bu ugra gönükdirilen milli maksatnamalar taýýarlanylanda, esasan hem, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegi ýaly meseleleriň çözülmegine gönükdirilen işlere uly ähmiýet berilýär.

Aýjeren Mededowa, 
TOHU-nyñ mugallymy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir