Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belentliklere götermekde, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, hususan-da bazar gatnaşyklary şertlerinde halkara söwda dolanyşygynyň subýektleriniň arabaglanyşygynyň giňeýän döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Ýurdumyz tehnologik ösüş babatda uly ädimler ädýär. Bu bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” bada-bat üstünlikli amala aşyrylyp başlanmagy bilen mümkin boldy. Onda innowasion düzüme, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, şol sanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Elbetde, ynsan işjeňliginiň dürli ugurlarynda innowasion maglumat tehnologiýalaryny we ulgamlaryny giňden ulanmazdan jemgyýetiň mundan beýläkki ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirip bolar. Bu günki gün ýurdumyzda hem sanly ulgama geçmeklik giň gerimli amala aşyrylýar. Şu ugurda durnukly ösüşi gazanmak üçin peýdaly teklipleri işläp düzmek zerurdyr. Şeýle ösüşleri maglumat tehnologiýalary bilen bagly ulgamlary peýdalanmak arkaly innowasion syýasatyny amala aşyrmagyň barşy bilen baglylykda Forsaýt usulýetini peýdalanmak dünýä halklarynyň mysalynda görmek bolýar. Dünýä tejribesinde Forsaýdyň jemi 3 nesli kesgitlenendir. Olar şu aşakdakylardyr:
- Ýewropa bileleşiginiň tejribesi bolup. Ol “Lissabon strategiýasy” arkaly kesgitlenilýär.
- EUB öňdengörüjiliginiň üç nesli – Lissabon strategiýasy.
- …
- Lissabon baş ugruna – ÝB-niň öňdengörüjilik durýan üç nesle.
- …
- Can’t load full results
- Try again
- ..
- ..
- Angliýanyň tejribesinde bolsa diňe tehnologiki we bazar perspektiwalaryny ybarat bolup, onuň 1-nji tapgyry 1994-1999-njy ýyllary öz içine alýar. Şeýle-de alymlar ony tehnologiki, bazar we sosial-durmuş meseleler integrasiýasy bilen häsiýetlendirýärler. Onuň 2-nji tapgyry 2000-2002-nji ýyllary we 3-nji tapgyry bolsa 2003-2004-nji ýyllary özünde jemleýär.
- ABŞ-nyň tejribesinde “möhüm tehnologiýalary” ösdürmekde forsaýt usullaryny ulanmak arkaly kemala gelipdir.ABŞ-nyň tejribesi: “möhüm tehnologiýalary” ösdürmekde harby-strategiki baha bermek üçin öňdengörüjilik usullaryny ulanmak. Şondan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlary möhüm üýtgeşmeleriň sanawyny düzmekde, jemgyýetçilik üýtgeşmelerine täsir etmäge we ýurduň jemgyýetçilik geljegini emele getirmäge mümkinçilik berýän jemgyýetçilik-syýasy çygrynda forsaýt usulýetini öwrenmekde möhüm tejribe toplady.
Forsaýt usulyýeti adaty çaklamalardan we strategiki meýilnamalaşdyrmakdan düýpli tapawutlanýar, has dogrusy ol ähli gyzyklanýan taraplary goldamaga çalyşýan gatnaşyjylar üçin geljegiň umumy görnüşini döretmäge gönükdirilen prosessi guramagyň usulyýetidir. Ol häzirki wagtda diňe bir ösen ýurtlar tarapyndan ylmy we tehnologiki gözlegleriň strategiki ugurlarynda ýa-da belli bir ýurduň içki çäginde ulanylman, eýsem, ol dünýä döwletleriniň ählisi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Beýan edilenler Forsaýt barlag usullarynyň postindustrial jemgyýete tarap barýan umumy adamzat siwilizasiýasynda örüsiniň has-da giňeýändigini, şeýle-de häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýan sanlaşdyrylan ykdysadyýetde wajyp meýilnamalary, çözgütleri kabul etmekde möhüm usulyýet bolup durýandygynyň aýdyň tassygydyr.
Bulardan başga-da, Forsaýt sanly gurşawda diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegi üçin wajyp teklipleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, her birimiziň dünýä garaýşymyzyň üýtgemegine hem-de jemgyýetçilik aňynyň özgermegi üçin-de öz peýdaly täsirini ýetirýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeler döwletimiziň ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle ajaýyp zamanada biz ýaş hünärmenlere giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban arkadagymyzyň il, ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Maýsa Çaryýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň Ykdysadyýet
we amaly informatika kafedrasynyň
mugallym – öwrenijisi