30/10/2020 11:34
Home YKDYSADYÝET Ykdysady ösüş: jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy

Ykdysady ösüş: jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy

2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri mälim edildi. Hasabat döwründe ykdysadyýetde durnukly ösüş gazanyldy. Bu döwürde jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy. Şu ýylyň 9 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm 4,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik ösüşleri gazanyldy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 22,2 milliard manada deň boldy. Bu baradaky hasabatlar Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde hasabat döwründe gurluşyk we durkyny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 259 desganyň 16-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 163-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Ykdysadýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy. Önüm öndürilişiniň düzüminde hususy işewürligiň paýy 66,9 göterime barabardyr.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçen dokuz aýda birža söwdalarynyň 205-si geçirilip, 20 müň 226 şertnama baglaşyldy.

Okap bilersiňiz  Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 120,4 göterime barabar boldy, garalýan döwürde sergileriň 5-si we wideogörnüşdäki maslahatlaryň 22-si geçirildi.

Okap bilersiňiz  “Total” kompaniýasyndan Hazar deňziniň türkmen bölegine uly gyzyklanma

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 117,5 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 131,2 göterime deň boldy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

 

Okap bilersiňiz  “Premier liga” toparlarynyň  500 millionlyk ýitgisi

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Şaý-seplerde nähili mikroblaryň döreýändigini bilýäňizmi?

Ulanylan şaý-sepler we sagatlar boýunça “Est1897” kompaniýasy, adamlarda ulanylýan şaý-sepleriň arassalygy barada gözleg geçirdi. Gözleg üçin adamlaryň bir hepde bäri geýen düýbünden arassa sagatlaryny,...

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV Halkara maslahaty

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde...

Futbol şasynyň doglan güni

23-nji oktýabrda futbol taryhyna adyny altyn harplary bilen ýazdyrmagy başaran, öz futbol döwründe futbol ýyldyzy bolan we ençeme ýaryşlarda üstünlik gazanan, tutuş ýer planetasynda...

Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna...