8.9 C
Istanbul
29/05/2020 3:23
Home ESASY HABAR Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda dökün öndürer

Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda dökün öndürer

«Türkmenhimiýa» döwlet konserninde «Sojitz Corporation» ýapon kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirilip, onuň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýapon kompaniýasynyň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň himiýa senagatyny ösdürmek baradaky strategiýasyna ýokary baha bermek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Agzalyp geçilen strategiýa ýurdumyzyň baý serişdelerini netijeli ulanmaga hem-de pudagyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Himiýa pudagyndaky bilelikdäki taslamalar, şol sanda Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosfor dökünlerini öndürýän önümhanany gurmak hakynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Sojitz Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly Ylalaşyk barada pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň bu ugry ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda dürli himiýa önümleriniň çykarylýan möçberiniň artmagyny nazara alanyňda möhüm ugur bolup durýar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan ýokanç kesellere garşy göreşmek meýilnamasyny kabul etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ýokanç kesellere garşy göreşmek baradaky meýilnamasynynyň kabul edilmegine bagyşlanyp metbugat brifingi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary...

Çempionlar ligasynyň ökde tälimçisi

Şa topary bolan "Real Madrid" toparynyñ baş tälimçisi Zinedin Zidan, Çempionlar Ligasynyñ taryhy boýunça iñ gowy tälimçi diýip saýlanyldy. Zinedin Zidan Çempionlar ligasyny üç...

Dünýäde iň uzyn Internet kabeli çekilýär

«Facebook» hakykatdan hem dünýäniň iň uly sosial aragatnaşyk torlarynyň birine öwrülýär. Kompaniýa häzirki günlerde Afrikada suwuň astyndan dünýädäki iň uzyn Internet kaberlleriniň birini çekýär. Habar...

Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebine kabul edilşik

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin okuwçylary şu aşakdaky ugurlar boýunça okuwa kabul edýär: *...