28/11/2020 19:03
Home YKDYSADYÝET Türkmenistanyň 2021-nji ýyldaky ösüş görkezijileri

Türkmenistanyň 2021-nji ýyldaky ösüş görkezijileri

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky hasabatlar diňlenildi.

  • Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 174,7 milliard manat we ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarynda 6,2 göterim derejede göz öňünde tutulýar.
  • Dünýä bazarynda çig nebitiň bahasynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, geljek ýyl üçin nebitgaz toplumynyň görkezijileri we býujeti düzülende, nebitiň ortaça bahasyndan ugur alyndy.
  • Ähli ministrliklerden we pudak edaralaryndan gelip gowşan maglumatlar seljerilip, ýurdumyzyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň möçberleri jemlenildi.
  • 2021-nji ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak meýilleşdirildi.
  • Maýa goýum serişdeleriniň kesgitlenen möçberlerini geljek ýylda önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklary üçin gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
  • 2021-nji ýyl üçin hususyýetçiligi, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda önüm öndürilişiniň möçberini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.
  • Şol bir wagtyň özünde döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýyny ýokarlandyrmak işleri dowam etdiriler.
  • Salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet we milli maksatnamalaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
  • Halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralaryň hususy we çekilen serişdeleriniň, şol sanda daşary ýurt banklaryndan we maliýe guramalaryndan alnan karz serişdeleriň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Okap bilersiňiz  Türkmen Lideri Kazakistan’da ‘Dostık’ Nişanı ile ödüllendirildi
Okap bilersiňiz  Syýahatçylyk (TU) wizasyny resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, dünýädäki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşini goldamaga we 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň 6 göterimden gowrak derejede artmagy üçin durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen makroykdysady syýasatyň durmuşa işjeň geçirilmelidigini belledi. Bazar institutlaryny özgertmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Okap bilersiňiz  Sungata köňül beren : Öwezmämmet Galandarow

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Devlet ve Hükümet Başkanları Türkmen Liderini kutladı
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Porsche Taycan” Ginnesiň rekordlar kitabynda

“Porsche” awtoulag kompaniýasynyň ilkinji elektrikli sport ulagy “Taycan” jemi uzynlygy 42 kilometre barabar bolan drift öwrümi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Şeýlelikde bu sport...

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň daşary...

Türkmenistan sebit we global ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berýär

«Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi...

Ronaldo Messiniň rekordyna ýetdi

Çempionlar ligasynda Italiýanyň “Ýuwentus” topary bilen Wengriýanyň “Ferenswaroş” toparynyň arasyndaky duşuşyk dünýä belli portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Bu duşuşykda tapawutlanan...