8.9 C
Istanbul
16/07/2020 7:39
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistanda milli söwda nyşanly telewizorlar öndüriler

Türkmenistanda milli söwda nyşanly telewizorlar öndüriler

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Smart TV platformaly we IP-týunerli telewizorlary ýygnamaga hem-de olary synagdan geçirmäge girişdi. Alyjylara telewizoryň suwuk kristal ekranly we 4K Ultra HD görnüşli, diagonaly 32 hem 42 dýuým «Tolkun», şeýle hem 55 dýuým «Zemin» nusgalary teklip ediler.

Täze kärhana ýylda içki bazara we eksporta niýetlenen telewizorlaryň 100 müňüsini çykarar. Olar “Xin Hong Bo Trading Limited” kompaniýasynyň (Hytaý) tehnologiýasy we komplektleýjileri ulanylyp ýygnalýar.

Täze kärhana Aşgabadyň ozalky «Türkmenkabel» zawodynyň meýdanynda döredildi. Bu ýerde täzeden gurnama işleri geçirildi, ýygnama enjamlary oturdyldy, arassaçylyk zolaklary, elektron komponentleri ýygnamak üçin tämiz otag we beýleki uçastoklar enjamlaşdyryldy. Plastmas önümleri taýýaralaýan önümçilik bölüminde ýerli çig maldan gabara detallaryny öndürmek göz öňünde tutulýar. Goşmaça iş orunlarynyň 130-sy döredildi.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti – elektron we elektrotehnika senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak we eksporta gönükdirmek strategiýasynyň jähtinden döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir. Bu hojalyk jemgyýeti ýaşaýyş we senagat otaglarynda ulanylýan LED-çyralar, depelik çyralar, köçe yşyklandyryjylar önümçiligini işe girizdi. Kompýuterleri, planşetleri, ýurduň bilim edaralary üçin bilim berýän kompýuterleri ýygnamak ýola goýuldy.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Lewandowski iň ökdesi saýlandy

Germaniýanyň Türgenler Bileleşigi (VDV) möwsümdäki “Bundesligada” iň gowy futbolçy diýen ada ses berişligini jemledi. Bu ses berlişikde “Bawariýanyň” iki futbolçysy ýokary netije görkezdi. Sanawda...

Garpyz – witaminlere baý

Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramakda örän wajyp bolup durýar. Tomsuna ýetişýän bakja ekinleri hem bedenimizi bu pasylda zerur...

«Altyn asyryň» yklym ýaryşyndaky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» futbol toparynyň AFK-nyň kubogy ― 2020-niň çägindäki duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Aziýanyň Futbol konfederasiýasy özüne agza assosiasiýalaryň wekilleri...

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tarapyndan habar berilmegine görä,  her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş...