28/01/2021 21:18
Home YKDYSADYÝET Türkmenistan - Koreýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär

Türkmenistan – Koreýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýlan, oňyn depgin bilen häsiýetlenýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Umumy pikire görä, ýokary derejedäki işjeň gepleşikler däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi üçin ygtybarly esasdyr. Şol gepleşikleriň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitleýärler.

Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda geçirilen Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna gatnaşyjylara döwlet Baştutanymyzyň wideoýüzlenme bilen çykyş etmegi iki ýurduň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine kybap gelýän halkara derejesindäki netijeli gatnaşyklaryň subutnamasyna öwrüldi.

Mejlisiň çäklerinde taraplar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Okap bilersiňiz  Türkmen-İran İş Konseyi kurulacak

Toparyň agzalary bolan ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň syn beriş häsiýetli çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň mazmunyny, dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýan Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, häzir amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, baý tebigy serişdeler hem-de ägirt uly ykdysady we eksport mümkinçilikleri iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek üçin uly geljegi açýar.

Koreýa Respublikasynyň wekilleri ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşyň abraýyndan peýdalanýan ýurdumyz bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giňden gyzyklanmalaryny beýan edip, türkmen bazarynyň özüne çekijidigini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, işewür toparlaryň wekilleriniň gyzyklanmasynyň artmagyna köp babatda daşary yurt maýasy üçin has amatly şertleriň döredilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan iň oňat dünýä tejribesini we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen “açyk gapylar” syýasaty ýardam edýär.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan’da özelleştirme atağı hız kazandı

Şunuň bilen baglylykda, gaz we nebithimiýa, himiýa pudaklarynda, elektroenergetikada, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda ýerli çag maly gaýtadan işlemäge esaslanan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan’da Atçılık Fuarı’na büyük ilgi

Birnäçe ýyllaryň dowamynda koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda üstünlikli işleýärler. Olaryň gatnaşmagyndaky iri taslamalaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny bina etmek taslamalary boldy.

Koreý tarapyndan toparyň agzalary netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan milli we sebit ähmiýetli möhüm taslamalara has işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Hususan-da, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça multimodal üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek hem-de bu ulgamyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryny nazara alyp, ulag ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi uly görünýär.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň agramly bölegini eýýäm Koreýada öndürilen awtobuslar we awtomobiller düzýär, şolaryň getirilmegi geljekde-de dowam eder.

Şeýle hem geljegi uly birnäçe beýleki ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda, dokma senagatynda, aragatnaşykda, medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, suw serişdelerini dolandyrmakda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy dowam etmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Okap bilersiňiz  Aşgabatda din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Taraplar ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, 2021-nji ýylda Seul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisini geçirmek baradaky meseleleri-de ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, yzygiderli esasda sergileri, maslahatlary, işewür duşuşyklary we forumlary geçirmek teklip edildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Okap bilersiňiz  Türkmen metbugatyndan-25.01.2019ý

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Aşgabatda dabara: Baş Assambleýanyň başlygy Wolkan Bozkyr çykyş eder

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndna 2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýilip yglan edildi. Halkara parahatçylyk we...

Kosmosa syýahat

Amerikanyň “Axiom Space” atly kosmos syýahatçylyk kompaniýasy bu gezek syýahatçylary “NASA, EKA” we beýleki kosmos agentlikleriň kosmonawtlaryň bolýan halkara kosmos stansiýasyna syýahatçylyga ibererler. Şeýle...

“Gazprom” Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagyny ýokarlandyrar

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 2020-2035-nji ýyllarda Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagy artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habarlar gullygy tarapyndan 2035-nji ýyla çenli Russiýada gaz pudagyny...

Garaşsyz Diýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze 2021-nji ýylda mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar.
Okap bilersiňiz  Angliýa we Italiýada futbol çempionatlary başlaýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Kosmosa syýahat

Amerikanyň “Axiom Space” atly kosmos syýahatçylyk kompaniýasy bu gezek syýahatçylary “NASA, EKA” we beýleki kosmos agentlikleriň kosmonawtlaryň bolýan halkara kosmos stansiýasyna syýahatçylyga ibererler. Şeýle...

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy

2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkmenabatdaky halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasyna nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet...

Rus sanjymy Türkiýede öndüriler

Göni maýa goýumlaryň rus gaznasy “Sputnik V” sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi babatda türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada rus we türk metbugat gulluklary habar...

Türkmen dilinde ilkinji onlaýn krossword :Atavatan Krossword

Ählimize 24 sagat deň  berilýär. Esasy zat, şu berlen 24 sagady nädip peýdaly we şol bir wagtda gyzykly ulanmagymyz bilen baglydyr. Bu habaryň özeni,...