27/11/2020 10:22
Home YKDYSADYÝET Türkmenistan bilen Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň Ýaponiýa bilen gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar babatynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlylygyny beýan edildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň sebitleýin we halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenilip geçildi.

Iki ýurduň ulgamlaýyn esasda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi bilen birlikde daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklarynyň netijeliligi nygtaldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň täsirli guraly hökmünde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogy öňe çykaryldy, çünki onuň çäklerinde özara hereketleriň takyk alnan taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň meselelerine seredilýändir.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlaryň netijeli işi bellenilip geçildi, çünki ol özarabähbitli taslamalaryň we maksatnamalaryň işlenilip düzülmegine itergi berýändir. Diplomatlar nebitgaz we himiýa pudaklarynda ýapon kompaniýalarynyň köp ýyllyk işleriniň aýratyn önjeýliligini belläp geçdiler.

Okap bilersiňiz  «Meniň üçin mertebedi»

Taraplar bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky özara hereketleriň geljekde has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Medeni-ynsanperwer ulgamynda öň gazanylan ylalaşyklary hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, diplomatlar iki döwletiň ugurdaş düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan’da petrolle kirlenmiş kıyılar temizlenecek

Duşuşygyň ahyrynda, täze bellenen Ilçi türkmen tarapyna öz salgysyna aýdan ýakymly arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklary işjeň dowam etmek babatynda ylalaşdylar.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Okap bilersiňiz  Ýol yşykly aýlawly çatryklar

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan – Koreýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa...

Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanan sanly maslahat

Bütindünýä çagalar gününde we Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň gününde, Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistandaky ýaş ilçisi, Nartäç Garaýewa we ÝUNISEF-iň wekili Kristin Weýgand...

Özbegistan “Oskara” dalaş edýär

Özbegistanyň Oskar komiteti tarapyndan Ýolkin Tuýçiýewiň “Faridanyň 2 müň aýdymy” atly filmi “Iň gowy halkara çeper film” ugry boýunça “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Bu...

Goşgular : Derwüş, Ýene, ýene, ýene Güýz we…

Derwüş  Ýyllar geçdi gitdi, ýaşyň goýaldy
Okap bilersiňiz  Türkmen Lider: Ankara ile Moskova stratejik ortaklarımız
Ýok umydyň, näzik duýgular galdy Seniň gözleriňden syrygan gözýaş Ýöne möne däldi...   Ol syrly juda, hem derdiň seriňden aşypdy derwüş Dünýäň o çetinde men...